işdämenlik

işdämenlik
1) Açyk işdälilik, nahara meýillilik.
∙ Işdämenlik bilen nahar edinmek.
2) Göçme manyda Işe ýa-da başga bir zada höweslilik, gylawlylyk.
∙ Ol demirgazyga tarap işdämenlik bilen seretdi. («Kolhoz Günleri»)
∙ Kelje bolsa, bir hili işdämenlik bilen kagyzy aldy. (A. Gowşudow, Mahri-Wepa)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem işdämenlik - işdämenligi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»